Sport göreşi

Göreş sportuň başa-baş söweş görnüşi bolup, ol ýörite düşekçäniň üstünde alnyp barylýar. Sport göreşinde dürli emeller, mysal üçin, hüjüm etmek, zyňmak, ýykmak ýaly emelleri ulanmaga rugsat berilýär. Sport göreşiň esasy maksady garşydaşy düşekçäniň üstünde arkasyna zyňmakdyr.

Sport görnüşi
Sport göreşiniň iki usuly bar: grek-rim göreşi we erkin göreş. 

Göreşiň erkin usulynyň grek-rim görnüşinden esasy aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Grek-rim göreşinde garşydaşy bilinden aşakda gysmak, ýa-da badak atmak ýa-da emellerde aýaklary ulanmak düýbünden gadagandyr.

Erkin göreşde we zenanlaryň arasynda göreşde, garşydaşy aýaklaryndan gysmak, oňa badak bermek we emellerde aýaklary ulanmak rugsat berilýär. Zenanlaryň arasynda göreşde erkin göreşiň düzgünleri ulanylýar, emma “goşa nelson” emeli gadagan edilýär.

Gelip çykyşy 
Göreş sportuň iň gadymy görnüşi hasaplanýar. Göreş barada ilkinji maglumatlar 15 000 ýyl mundan ozal Fransiýanyň gowaklarynda çekilen suratlardyr.

Göreşiň häzirkizaman taryhy XIX asyrda sportuň giňden ýaýramagyndan gözbaş alýar. Göreşiň ösüş taryhynyň netijesinde täze usul ýagny grek-rim göreşi döreýär we  1896-njy ýyldan bäri Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär .

Sport görnüşini dolandyrýan gurama Bütindünýä göreş birleşmesi (UWW) 1912-nji ýylda Belgiýanyň Antwerpen şäherinde döredildi.

Aşgabat 2017 oýunlarynda
Aşgabat 2017-niň sport göreşi boýunça ýaryşy 24-26-njy sentýabrda Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler. Erkin görnüşi we grek-rim boýunça ýaryşlar 22 agram dereje, erkekleriň arasynda 16 we zenanlaryň arasynda 6 agram derejesi boýunça geçiriler.

Grek-rim göreş (erkekler) 
59kg, 66kg, 71kg, 75kg, 80kg, 85kg, 98kg, 130kg

Erkin görnüş (zenanlar)
48kg, 53kg, 55kg, 58kg, 60kg, 63kg, 69kg, 75kg

Erkin görnüş (erkekler) 
57kg, 61kg, 65kg, 70kg, 74kg, 86kg, 97kg, 125kg

Ýaryşyň geçirilişi 
Her bir agram dereje boýunça ýaryş “utulan çykar” görnüşde geçiriler we soňunda final tapgyrynda çykyş etjek iki türgen galar. Bu türgenler altyn medal üçin duşuşarlar. 

Öňki tapgyrlarda finalçylardan ýeňlen ähli türgenleriň goşmaça tapgyrda çykyş etmek hukugy bar. Iki topara bölünen türgenler özara duşuşarlar we netijede iki sany, ýagny her toparda ýeňiji bolan türgenlere bürünç medal gowşurylar. Bürünç medaly üçin goşmaça tapgyrda ýeňlen türgenler 5-nji orna mynasyp bolýarlar. 

Her agram dereje boýunça ýaryş bir günüň içinde geçirilýär.

Gysga maglumatlar

  • Sport göreşi dünýä ýüzündäki iň gadymy sport görnüşleriniň biridir. Gowaklaryň diwarlarynda çekilen gadymy şekiller sportuň bu görnüşiniň biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl ozal hem bolandygyny aýdyň görkezýär.
  • Orta asyrlarda göreş Angliýa, Ýaponiýa we Fransiýa döwletleriniň patyşa maşgalalarynyň arasynda meşhur bolupdyr.

Habarlar #Sport göreşi

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: