Agyr atletika

Agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag bolup, onuň düzümine türgenleriň ştangany kellesinden ýokara götermek maşklary girýär. Türgeniň üstünlikli çykyşy, esasan onuň güýç derejesine bagly bolsa-da, onuň tärleri, tizligi, deňagramlylygy we çeýeligi hem uly rol oýnaýar.

Sport görnüşi
Agyr atletikanyň iki sany görnüşi bolup, olar silterläp götermek we itekläp götermekdir. Silterläp götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itekläp götermek iki aýratyn hereketden, ýerden egniňe çenli, soňra kelläňden ýokara galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar.

Her agram derejede çykyş edýän türgenler iki görnüşi boýunça ýaryşa gatnaşýarlar. Her bir türgeniň silterläp götermek we itekläp götermek synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji balyny kesgitlemek üçin goşulýar. Ýaryşyň dowamynda türgenler öz agramyndan üç esse uly agramy göterip bilýärler.

Gelip çykyşy 
Agyr atletika gadymy döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr. Agyr atletika boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Angliýada geçirilipdir. Sportuň şu görnüşi 1896-njy ýylda ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Agyr atletikaçylaryň bütindünýä birleşmesi 1905-nji ýylda Germaniýada esaslandyryldy.

Aşgabat 2017 oýunlarynda
18-25-nji sentýabr aralygynda 8 günüň dowamynda Agyr atletika arenasynda ýaryşyň netijesinde 16 gezek medal gowşurylyş dabarasy geçiriler. Erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň her birisi 8 agram derejesi boýunça geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
56kg, 62kg, 69kg, 77kg, 85kg, 94kg, 105kg, +105kg

Zenanlaryň arasynda:
48kg, 53kg, 58kg, 63kg, 69kg, 75kg, 90kg, +90kg

Ýaryşyň geçirilişi 
Agyr atletikanyň her bir görnüşi boýunça (silterläp götermek we itekläp götermek) türgeniň görkezen iň gowy netijeleri goşulýar we şeýlelikde umumy netije çykarylýar. Deňlik bolan ýagdaýynda, ýaryşda ýokary netijäni ilkinji synanyşyklarynda gazanan türgene artykmaçlyk berilýär. Agyr atletikada ähli agramlar kilogramda ölçenýär.

Gysga maglumatlar

  • Agyr atletika gadym döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr.
  • Agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Angliýada geçirilipdir.
  • Ýaryş geçirilýän döwründe türgenler öz agramlyk derejesiniň üç essesine çenli göterip bilýär.
  • Erkekleriň ýaryşynda ştanganyň agramy 20 kg. Aýallaryň ýaryşynda onuň agramy 15 kg.

Habarlar #Agyr atletika

Giňişleýin

Suratlar

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: