Türkmen milli göreşi

Türkmen milli göreşi söweş sungatyna degişli bolup, sportuň bu görnüşinde dürli söweş tärleri, mysal üçin zyňmak, ýykmak ýaly emeller ulanylýar. Bu sportuň taryhda Ýer ýüzünde ýaýramagy bilen dürli görnüşleri emele gelipdir.

Ýaryş meýdançasy 
Türkmen milli göreşi boýunça her bir tutluşyk 12mx12m ortasynda iki zolaga bölünen 9m aýlawly inedördül ýa-da sekiz burçly düşekçede geçirilýär. 

Gelip çykyşy 
Göreş söweş sungatyň gadymy görnüşleriniň biridir. Fransiýada gowaklaryň diwarlarynda tapylan şekillere görä, göreş 15 000 ýyl mundan ozal döräpdir. Gadymy Wawilona we Müsüre degişli bolan şekillerde hem häzirkizaman göreşe meňzeş sport görnüşi barada maglumatlar bar.

Aşgabat 2017 oýunlarynda
Aşgabat 2017 oýunlarynda göreş boýunça ýaryşyň netijesi boýunça 26 gezek medal gowşurylyş dabaralary geçiriler. Ýaryş iki günüň dowamynda, ýagny 16-njy we 18-nji sentýabrda Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler.

Ýaryş erkekleriň arasynda 16 dissiplina, zenanlaryň arasynda bolsa 10 dissiplina boýunça geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
Erkin usul 
-57kg, -62kg, -68kg, -75kg, -82kg, -90kg, -100kg, +100kg
Nusgawy usul 
-57kg, -62kg, -68kg, -75kg, -82kg, -90kg, -100kg, +100kg

Zenanlaryň arasynda:
Erkin usul 
-52kg, -58kg, -63kg, -70kg, +70kg
Nusgawy usul
-52kg, -58kg, -63kg, -70kg, +70kg

Ýaryşyň geçirilişi
Ýaryş “utulan çykar” görnüşde ýeňijiniň indiki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanmagy arkaly geçiriler.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: