Ýygy-ýygydan soralýan soraglar

Petek satuwlar

Näçe sany petek satuwa çykarylar?

Sportuň 21 görnüşi boýunça 200 sany sport ýaryşy we açylyş we ýapylyş dabaralary üçin 700 000-den gowrak peket elýeter bolar.

Sport ýaryşlary haýsy desgalarda geçiriler?

Desgalaryň tassyklanan sanawy internet sahypada ýerleşdirilendir.

Sport ýaryşlaryň tertipnamasyny nireden tapmak bolýar?

Sport ýaryşlarynyň tertipnamasy internet sahypada ýerleşdirilendir.

Petekleriň bahalary

Petekleriň bahalary näçe?

Sport ýaryşlary üçin petekleriň bahalary 7 we 10 manat. Dabaralar üçin petekleriň bahalary 50, 70, 100 we 500 manat.

Sport her bir görnüşi boýunça petekleriň baha derejeleriniň sany her bir desganyň sygymlylygy bilen baglydyr.

Sport görnüşi Desga Nyrh derejeleri (TMT)
A B C VIP
3x3 basketbol 3x3 basketbol arenasy 7
Guşakly göreş Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy 10 7
Bilýard sporty Bilýard sport arenasy 7
Bowling Bowling arenasy 7
Küşt Küşt arenasy 7
Welosport (trek) Welosport sport binasy 7
Tans sporty Taekwondo we tans sport arenasy 10
Atly sport (konkur) Atçylyk sport toplumy 10
Futzal Köpugurly sport toplumy, meýdança 1 10 7
Köpugurly sport toplumy, meýdança 2 7
Ýeňil atletika Ýapyk bina ýeňil atletika toplumy 7
Tennis Ýapyk bina tennis toplumy 7
Jiu-jitsu Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 7
Kikboksing Taýboks we kikboksing sport arenasy 7
Kuraş Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 7
Taýboksy Taýboks we kikboksing sport arenasy 7
Sambo Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 10
Gysga aralyga ýüzmek Suw-sport toplumy 7
Taekwondo Taekwondo we tans sport arenasy 7
Türkmen milli göreşi Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy 10 7
Agyr atletika Agyr atletika arenasy 10
Sport göreşi Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy 10 7
Açylyş we ýapylyş dabarasy Aşgabat Olimpiýa stadiony 100 70 50 500

Petekleriň dürli nyrh derejeleri (A, B, C or VIP) nämäni aňladýar?

Nyrh derejeleri desganyň içinde münberleriň ýerleşişini aňladýar. Desgalaryň köpüsi üçin petekleriň diňe bir nyrh derejesi bolar.

Sportuň her bir görnüşi boýunça petekleriň baha derejeleriniň sany her bir desganyň sygymlylygy bilen baglydyr. “A” nyrh derejesi desgada iň gowy we ýokary bahaly orunlary aňladýar. “B” nyrh derejesi orunlaryň ýerleşýän ýeri we bahasy boýunça ikinji ýerdedir we ş.m. Desga boýunça petekleriň ähli nyrh derejeleri münberleriň kartasynda görkezilendir. Olary şu ýerde görüp bilersiňiz.

Petekler satyn alnanda goşmaça töleg tölenmelimi? Ýa-da petekleriň satylyş bahasyna salgyt goşulýarmy?

Petekde görkezilen bahadan başga hiç hili goşmaça töleg tölenmeýär.

Tölegsiz petekler göz öňünde tutulýarmy?

Tölegsiz petekler şu aşakdakylara berilýär:

  • 14 ýaşdan kiçi bolan çagalara;
  • Mümkinçilikleri çäkli adamlara we olaryň ýany bilen gelýän adamlara (ähli sport ýaryşlaryna).


Çagalar we mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin petekleri 29-nji iýuldan petek satuw nokatlaryndan alyp bolýar.

Aşakda Aşgabat 2017 üçin petekleriň nyrh derejeleri boýunça giňişleýin maglumat berlendir.

Petek Sport ýaryşlary Dabaralar
Ulular Doly baha Doly baha
0-14 ýaşly çagalar Tölegsiz Doly baha
Mümkinçilikleri çäkli / Goşmaça amatlyklara talap edýän Tölegsiz Doly baha

Dabaralar

VIP petekler satylýarmy?

Açylyş we ýapylyş dabaralary üçin VIP petekler satylýar. Goşmaça maglumat almak üçin (8-12) 94-88-88 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Açylyş we ýapylyş dabaralarynda kim çykyş edýär?

Bu garaşylmadyk sowgat bolar. Ony bilmek üçin siz dabaralara barmaly!

Petekleri satyn almak

Petekleri nireden, haçan we nädip satyn almak bolýar?


Türkmenistanyň çäginde

Petekler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerleşdirilen resmi petek satuw nokatlarymyzda 29-njy iýulda satylyp başlanýar. Oýunlar geçirilýän döwründe desgalardaky petek satuw nokatlarynda hem satylar.

Petek satuw nokatlarynyň ýerleşýän ýerlerini we iş wagtyny görmek üçin şu ýerde basyň.

Islendik petek satuw nokadyndan petek satyn almak üçin şu resminalar görkezilmelidir:

  • Siziň pasportyňyz;
  • Eger-de başga adamlar üçin petek alýan bolsaňyz, olaryň pasporty;
  • Eger-de 14 ýaşdan kiçi çagalar üçin petek alýan bolsaňyz, olaryň dogluş hakynda şahadatnamasy.



Türkmenistanyň çäginden başga

Daşary ýurtly tomaşaçylar peteklerini ygtyýarlandyrylan petek satyjylardan satyn alyp bilerler. Olaryň doly sanawyny görmek üçin şu düwmäni basyň.

Petek satyn almazdan öň biz daşary ýurtly tomaşaçylara ilki bilen Türkmenistana gelmek üçin wiza almagyny maslahat berýäris. Şeýle hem, Türkmenistana gelip bilmedik ýagdaýyňyzda ygtyýarlandyrylan petek satyjylary petegiň öwezini doldurmakda ýüz döndürip biljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Şahsyýeti anyklaýan resminalaryň haýsylary görkezmek bilen petek satyp bolar?
  • Türkmenistanyň raýatlary pasportynyň asyl nusgasyny, 14 ýaşdan kiçi çagalar bolsa dogluş hakynda şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ulanyp, petek alyp bilerler.
  • Daşary ýurt raýatlary şu aşakdakylary öz içine alýan şahsyýeti anyklaýan resminasyny ulanyp bilerler: surat, doly ady, doglan senesi, seriýa belgisi we daşary ýurt hökümet edarasy tarapyndan berlen senesi.
Pasportyň göçürmesi ýa-da suraty arkaly petek satyn alyp bolýarmy?

Ýok, petekler diňe ýokarda agzalan resminalaryň asyl nusgasy görkezilende satylýar.

Petek satyn alanymda men oturjak ornumy saýlap bilýärinmi?

Ähli desgalar üçin bölüm boýunça umumy giriş petekler satylýar.

Umumy giriş diýmek belli bir orunda oturmaklygyňyzy aňlatmaýar. Desga geleniňizden soňra münberde satyn alan petegiňizde görkezilen bölümde islendik orny saýlap bilýändigiňizi aňladýar.

Desga irräk gelseňiz has gowy orunlary eýeläp bilersiňiz.

Peteklerini aýratyn alan dostlarymyň ýanynda oturyp bilerinmi?

Hawa, eger-de şol bir bölüm üçin petek satyn alsaňyz we desga irräk gelseňiz, bile ýerleşýän orunlary eýeläp bilersiňiz.

Her bir sport ýaryşy üçin satyn alyp biljek peteklerimiň sany çäklimi?

Her bir adama ähli sport ýaryşlary üçin 30 sany petege çenli almak bolýar. Petekleriň deň derejede ýaýramagy boýunça käbir sport ýaryşlar üçin goşmaça çäklendirmeler giriziler. Bu çäräniň görnüşine we alynjak petek sanyna bagly bolup biler.

Petek haçan elime berler?

Petegiňiz petek satuw nokadynda satyn alan mahalyňyz berler.

Başga adam meniň üçin petek satyn alyp bilermi?

Hawa, olar siziň pasportyňyzyň asyl nusgasyny görkezmelidirler.

Petegim ýitse/ogurlansa/zaýalansa näme etmeli?

Ogurlanan ýa-da ýitirilen ýagdaýynda petekler täzeden berilmeýär. Suwuň, hapanyň, gyzgynyň ýa-da gün şöhlesiniň täsirinde petekleriň zaýalanyp biljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Eger-de petegiň belli bir bölegi zaýalansa, petek eýesiniň desga girmäge rugsat berilmezligi we petek satuw nokadyna täze petek satyn almaga iberilmegi mümkin.

Töleg

Tölegleriň haýsy görnüşleri kabul edilýär?

Biz tölegleriň şu aşakdaky görnüşlerini kabul edýäris:

  • Visa, Visa Electron, MasterCard, Maestro debit we kredit kartlaryň üsti bilen;
  • Manatda diňe nagt görnüşinde.
Men daşary ýurtly we mende başga ýurduň pul birliginde ýöredilýän bank kartym bar. Alyş-çalyş bahasy nähili bolarka?

Siziň kredit kartyňyzy beren edara tarapyndan şol gün kesgitlenen alyş-çalyş bahasy boýunça töleg hasaplanar.

14 ýaşdan kiçi çagalar üçin petekler

14 ýaşdan kiçi çagalar üçin petek alynmalymy?

HAWA. Ähli adamlar üçin petek almak zerur.

Men 14 ýaşdan kiçi çaga petegi nädip almaly?

Ähli sport ýaryşlary üçin 14 ýaşdan kiçi çagalara petekler tölegsizdir. Petekleri islendik petek satuw nokatlaryndan alyp bolar. Tölegsiz petegi almak üçin dogluş hakynda şahadatnama görkezilmelidir.

Açylyş we ýapylyş dabaralary üçin çagalara tölegsiz petek berilmeýär. Dabaralara gatnaşmak üçin ýaş boýunça hiç hili çäklendirme ýok, emma şowhuny we beýleki dürli ses/ýagtylyk effektleri göz öňünde tutup, çagalaryň çärä gatnaşmazlygyny maslahat berýäris.

14 (ön dört) ýaşdan kiçi petegi bar bolan çaga çärä diňe ýany bilen petek we pasportyny getiren uly ýaşly (18 ýaşdan uly) bilen goýberilýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Petek tölegini yzyna gaýtarmak

Eger-de men gatnaşmak pikirimi üýtgetsem, petegiň töleginiň öwezini alyp bilýärinmi?

Siz petegi satyn alanyňyzdan soň ony çalşyp, ýatyryp, gaýtaryp ýa-da alyp satyp bolanok.

Petegi alyp-satmak gadandyr we onuň güýjüni ýitirmegine getirip biler.

Eger-de ýaryş başga wagta geçirilse, men petek töleginiň öwezini alyp bilýärinmi?

Eger-de ýaryş başga wagta geçirilse, şol ýaryş üçin petekleri başga wagta geçirilen ýaryşlara gatnaşmak üçin ulanyp bolýar.

Eger-de ýaryş başga wagta geçirilse, petekleriň eýeleri başga wagta geçirilen ýaryş başlamazdan öň petek töleginiň öwezini almak üçin ýüz tutup bilerler.

Eger-de ýaryş ýatyrylsa, men petek töleginiň öwezini alyp bilýärinmi?

Ýaryş ýatyrylan ýagdaýynda, petek eýeleri petek töleginiň öwezini almak üçin öwezi doldurmak düzgünlerine laýyklykda ýerine ýetitip bilersiňiz. Has giňişleýin maglumaty şu ýerde tapyp bilersiňiz.

Mümkinçiligi çäkli adamlar

Mümkinçiligi çäkli tomaşaçylar üçin petekler satylýarmy?

Aşgabat 2017 ähli adamlar üçin deň mümkinçilik we ygtyýarlyk ýörelgesini goldaýar. Petekleri ýaýratmak hereketi mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň hukuklaryny peseltmeýär.

Mümkinçilikleri çäkli adamlara we olaryň ýany bilen gelýän bir adama ähli sport ýaryşlaryna (açylyş we ýapylyş dabaralaryndan başga) petekler tölegsizdir. Tölegsiz petekleri petek satuw nokatlaryndan alyp bolar.

Mümkinçilikleri çäkli adamlar ýörite münberlerde ýerleşdirilýärler ýa-da olara ýörite araba berilýär (soňkularyň elýeterliligini anyklamaly).

Petegi almak ýa-da desga girmek üçin tomaşaçylar ýörite lukmançylyk şahadatnamasyny görkezmelidirler. Tölegsiz petek üçin degişli resminamany görkezmedik tomaşaçylar desga goýberilmez we olar petek satuw nokadyna petegi doly bahadan satyn almak üçin iberiler.

Ýany bilen gelýänleriň sany birden köp bolan ýagdaýynda, goşmaça petekler doly bahasyndan satyn alynmaga degişlidir.

Ýörite arabalary ulanýan adamlar üçin ýörite münber üpjün edilermi?

Ýörite arabalar üçin ýerleriň sany we mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin orunlaryň sany desgadan desga üýtgeýär. Näçe ir ýüz tutsaňyz, şonça gowy bolar.

Men ýörite araba ulanýaryn. Meniň maşgalam ýanymda oturyp bilermi?

Biz olara desgalardaky mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin niýetlenen münberlere ýerleşdirmek üçin elimizden gelenini ederis. Emma käwagt bu mümkin bolmaýar.

Mümkinçilikleri çäkli adamlar we/ýa-da olaryň ýany bilen gelýän adamlar üçin petek almak boýunça has giňişleýin maglumat üçin öz ýüztutmaňyzy tickets@ashgabat2017.com salgysyna iberiň. Biz siziň talaplaryňyzy gözden geçireris. Orunlaryň elýeterliligini tassyklamak zerurdyr.

Goşmaça maglumat

Men petekleriň başga internet sahypada satuwa çykarylandygyny gördüm. Olaryň satmaga ygtyýarlygy barmy?

Aşgabat 2017-niň petek satuw nokatlaryndan ýa-da ygtyýarlandyrylan petek satyjylardan başga ýerde satyn alnan petekler güýjüni ýitiren bolmadyk bolmagy mümkin.

Petekleriň bikanun satuwlaryny güman edýän ýagdaýyňyzda biz bilen tickets@ashgabat2017.com salgysy arkaly habarlaşyň.

Ygtyýarlandyrylmadyk petek satuw hereketine, müşderi hyzmatyna ýa-da amala aşýandygyna biz jogapkärçilik çekmeýändigimizi siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Biz sizi diňe Aşgabat 2017-niň resmi petek satuw nokatlaryndan petek almaga çagyrýarys.

Men petekleri öz hususy kärhanamy mahabatlandyrmak maksady bilen, ýa-da dürli lotereýalarda, ýaryşlarda ýa-da beýleki marketing çärelerinde baýrak hökmünde ulanyp bilerinmi?

Petekler mahabatlar, auksionlar, pul serişdelerini toplamak ýa-da marketing çärelerde (şol sanda, dürli ýaryşlarda) ulanmaga degişli däldir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň "Petek satyn almak we ulanmak boýunça düzgünleri" bilen tanyş boluň.

Habarlaşmak

Elektron poçta arkaly

Aşgabat 2017-niň petekler bölümi bilen habarlaşmak üçin duşenbe-anna güni sagat 9:00-18:00 aralygy tickets@ashgabat2017.com elektron poçtasyna hat ugradyp bilersiňiz.

Telefon arkaly

Goşmaça maglumat almak üçin gije-gündiz arakesmesiz işleýän petekler ulgamy bilen 8-12-49-8888 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Öý telefonlaryndan jaň etmek tölegsizdir. Türkmenistanda hereket edýän öýjükli operatorlardan we beýleki welaýatlardan jaň üçin degişli tölegler alynýar.

Sorag ýüze çykan ýagdaýynda daşary ýurtly raýatlar +993 (12)49-8888 telefon belgisine jaň edip bilerler.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: