Tennis 

Tennis sportuň raketka bilen oýnalýan görnüşidir. Tennis oýunlary hem açyk meýdançada, hem ýapyk binada geçirilýär. Tennis üçin kort dürli materiallar bilen örtülip biler, mysal üçin, palçyk, ot ýa-da gaty örtük. Dürli hilli örtülen kortlarda dürli tärleri ulanmaklyk zerurlygy ýüze çykýar, sebäbi dürli kortlarda topuň böküjiligi-de dürlüdir.

Sport görnüşi 
Oýunçylar topy raketka bilen urup, biri-birine toruň ýokarsyndan geçirýärler. Oýnuň maksady oýunçy topy alyp bilmez ýaly urmak we şeýlelikde utuk gazanmak. Dört utuk gazanmak bir geými utmagy, alty geými utmak bolsa bir seti utmagy aňladýar. Ilkinji bolup iki setde utmagy başaran oýunçy matçda ýeňiş gazanýar.

Tennisiň üç görnüşi bar, olar: ýekebara (iki oýunçy biri-birine garşy), erkekleriň we zenanlaryň arasynda jübütleýin (iki oýunçydan bolan toparlar biri-birine garşy) we garyşyk jübütler (bir zenan we bir erkekden ybarat bolan toparlar biri-birine garşy).

Gelip çykyşy 
Taryhçylaryň aýtmagyna görä, oýun XII asyrda Fransiýada döräpdir. Ol ýerde top eliň aýasy bilen urup oýnalýar eken. Diňe XVI asyrda raketkalar ulanylyp başlady we bu oýna “tennis” (fransuz dilinde “tutmak, almak” diýmegi aňladýar) diýip at berildi. Dünýäde tennis boýunça ilkinji ýaryş, ýagny Wimbldon çempionaty 1877-nji ýylda London şäherinde geçirildi. 1890-njy ýyllardan soň tennis oýnunyň düzgünleri biraz üýtgedi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Janköýerler Aşgabat 2017-niň tennis boýunça ýaryşyna 11 günüň dowamynda 16-26-njy sentýabr aralygynda Tennis toplumynda tomaşa edip bilerler. Ýaryşyň netijesinde 5 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler.

Ýaryşyň geçirilişi 
Ýekebara we garyşyk oýunlarda ýeňiş gazanan oýunçylar indiki tapgyrda çykyş etmek hukugyny gazanýarlar.

Gysga maglumatlar

  • Taryhçylaryň aýtmagyna görä, oýun XII asyrda Fransiýada döräpdir.
  • Dünýäde tennis boýunça ilkinji ýaryş, ýagny Wimbldon çempionaty 1877-nji ýylda London şäherinde geçirildi.

Medallaryň sanawy

Orny MOC
Jemi
1 Thailand Thailand 0 0 2 2
  Uzbekistan Uzbekistan 0 0 2 2
3 Indonesia Indonesia 0 0 1 1

Habarlar #Tennis

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: