Taekwondo

Taekwondo sporty söweş tärleri, öz-özüňi goramak başarnyklary, fiziki ukyplylyk, meditasiýa we pelsepe ýaly aýratynlyklary öz içine alýar. Taekwondo bedeni fiziki taýdan, ýagny güýji, tizligi, deňagramlylygy, çeýeligi we çydamlylygy ösdürýär. Taekwondo sportunda aýak bilen urgulara has köp üns berilýär.
 
Sport görnüşi 
Taekwondo boýunça ýaryş diňe güýç we ussatlyk ýaryşy bolman, söweş sungatynyň demonstrasiýasy bolup durýar. 

Türgenler iki dissiplina boýunça ýaryşarlar: kýorugi we pumse. Kýorugi iki türgeniň arasyndaky tutluşykdyr. Garşydaşlar hüjüm etmek we goranmak emellerini ulanýarlar. Kýorugide türgenler söweş tärlerini ulanyp, garşydaşynyň güýç derejesini anyklamaga synanyşýarlar.

Pumse görnüşi boýunça çykyş edýän türgenler belli bir yzygiderlikde hüjüm etmek we goranmak emellerini görkezip, maşklary ýerine ýetirlýärler. 

Gelip çykyşy 
Taekwondo karate hem hytaý söweş sungatynyň aýratynlyklaryny we Koreýanyň başa-baş söweş sungatlaryny (taekkyeon, subak we gwonbeop) özünde jemläp, 1940-njy, 1950-nji ýyllaryň dowamynda döredildi. 

Dünýa taekwondo guramasy 1973-nji ýylda Koreýanyň taekwondo assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylyp, Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna 2000-nji ýylda girizildi. 

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Türgenler iki dissiplina boýunça medal gazanmak üçin ýaryşarlar: kýorugi we pumse.  
kýorugi boýunça ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda 7 agram derejede sentýabr aýynyň 18-21-nde geçiriler. Pumse boýunça ýaryş zenanlaryň we erkekleriň arasynda şahsy we toparlaýynsentýabr aýynyň 22-nde geçiriler. 

Taekwondo we tans sport arenasynda ýaryşyň netijesi boýunça 18 gezek medal gowşurmak dabarasy geçiriler.
 
Kýorugi
Erkekler:

-54kg, -58kg, -63kg, -68k, -74kg, -80kg, -87kg

Zenanlar
-46kg, -49kg, -53kg, -57kg, -62kg, -67kg, -73kg

Pumse 
Erkekleriň arasynda 30 ýaşa çenli, pumse, şahsy   
Erkekleriň arasynda 30 ýaşa çenli pumse, toparlaýyn 
Zenanlaryň arasynda 30 ýaşa çenli pumse, şahsy  
Zenanlaryň arasynda 30 ýaşa çenli pumse, toparlaýyn

Ýaryşyň geçirilişi 
Kýorugi görnüşi boýunça ýaryş final tapgyrynda çykyş etjek iki türgen galýança “utulan çykar” görnüşde geçiriler.  Finalçylardan ýeňlen türgenler bürünç medalyny gazanmak üçin goşmaça tapgyrda çykyş etmek mümkinçiligi döredilýär. Ýaryş saýlama tapgyrdan, goşmaça tapgyrdan we final tapgyrdan ybaratdyr.

Pumse görnüşi boýunça ýaryş final tapgyrynda çykyş etjek türgenler kesgitlenýänçä, “cut-off” ulgamy boýunça geçiriler. Türgenleriň arasynda öňe saýlanan dört türgene medal gowşurylar, üçünji we dördünji ýerleri eýelän türgenler bürünç medal bilen sylaglanarlar.

Gysga maglumatlar

  • Taekwondo karate hem hytaý söweş sungatynyň aýratynlyklaryny we Koreýanyň başa-baş söweş sungatlaryny (taekkyeon, subak we gwonbeop) özünde jemläp, 1940-njy, 1950-nji ýyllaryň dowamynda döredildi.
  • Türgenler iki dissiplina boýunça ýaryşarlar: kýorugi we pumse. Kýorugi iki türgeniň arasyndaky tutluşykdyr.
  • Garşydaşlar hüjüm etmek we goranmak emellerini ulanýarlar.

Habarlar #Taekwondo

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: