Gysga aralyga ýüzmek

Suwda ýüzmek sporty Olimpiýa sport görnüşlerine degişli bolup, dünýä ýüzünde giňden ýaýran sport görnüşleriniň biridir. Türgenler dört görnüş boýunça ýaryşarlar – erkin ýüzüş, arkan ýüzmek, brass we batterflaý. Şeýle hem, toplumlaýyn ýüzmek boýunça hem ýaryşlar geçirilýär. “Gysga aralyk” adalgasy Olimpiýa oýunlarynda 50 metr uzyn bolan howzuň ýerine uzynlygy 25 m bolan howzy aňlatmak üçin ulanylýar.

Sport görnüşi 
Suwda ýüzmekde ýeňiji bolmak üçin kesgitlenen aralygy tiz wagtda geçmek zerurdyr. Ilki bilen saýlama we ýarym final ýüzüşler geçirilýär. Üstünlikli çykyş eden 8 türgen final tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Adatça gysga aralyga ýüzmekde iň ýokary üstünligiň gazanylan wagty (rekordy) uzak aralyga ýüzmekde gazanylan iň ýokary üstünligiň wagtyndan (rekordyndan) gysga bolýar. Bu tizligiň ulalmagyna sebäp bolýan diwardan “özüňi itmek” maşkyny ýerine ýetirmek mümkinçiliginiň köplügi bilen baglanyşykly diýlip çak edilýär.

Aralyk 50 metrden 1 500 metre çenli bolup bilýär. Dört esasy görnüşden başga, toplumlaýyn ýüzüş boýunça hem şahsy, hem toparlaýyn ýaryşlar geçirilýär.

Gelip çykyşy
Suwda ýüzmek sport görnüşi saglygy dikeltmek üçin 1830-njy ýyllarda Angliýada döräpdir we 1896-njy ýylda Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

1908-nji ýylda Bütindünýä suwda ýüzmek assosiasiýasy (FINA) esaslandyryldy.

Aşgabat 2017 oýunlarynda
22-25-nji sentýabr aralygynda Olimpiýa suw toplumynda ýüzüjileriň arasynda  geçiriljek ýaryşyň netijesinde 30 gezek medal gowşurylyş dabarasy geçiriler. Ýaryş erkekleriň arasynda 15 dissiplina we zenanlaryň arasynda 15 dissiplina boýunça geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
Erkin ýüzüş: 50m, 100m, 200m;
Arkan ýüzmek: 50m, 100m;
Brass: 50m, 100m;
Batterflaý: 50m, 100m;
Şahsy toplumlaýyn ýüzüş: 100m, 200m;
Erkin ýüzüş estafeta: 4x50m, 4x100m;
Toplumlaýyn ýüzüş estafeta: 4x50m, 4x100m;

Zenanlaryň arasynda:
Erkin ýüzüş: 50m, 100m, 200m;
Arkan ýüzmek: 50m, 100m;
Brass: 50m, 100m;
Batterflaý: 50m, 100m;
Şahsy toplumlaýyn ýüzüş: 100m, 200m;
Erkin ýüzüş estafeta: 4x50m, 4x100m;
Toplumlaýyn ýüzüş estafeta: 4x50m, 4x100m;

Ýaryşyň geçirilişi 
Her bir dissiplina boýunça saýlama tapgyry irden geçiriler, final tapgyry bolsa agşam geçiriler. Ähli dissiplinalar boýunça saýlama tapgyr we final tapgyr geçiriler. Diňe 8 türgeniň final tapgyrda çykyş etmäge hukugy bolar.

Gysga maglumatlar

  • Adatça gysga aralyga ýüzmekde iň ýokary üstünligiň gazanylan wagty (rekordy) uzak aralyga ýüzmekde gazanylan iň ýokary üstünligiň wagtyndan (rekordyndan) gysga bolýar. Bu tizligiň ulalmagyna sebäp bolýan diwardan “özüňi itmegiň” ulurak sany bilen baglanyşykly diýlip çak edilýär.
  • Iň tiz we netijeli ýüzmek usuly erkin usul bolup durýar.

Habarlar #Gysga aralyga ýüzmek

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: