Sambo

Ähli söweş sungatlaryň arasynda sambo iň meşhury bolup durýar. Sambonyň dürli görnüşleri we tärleri bardyr. Dzýudo, jiu-jitsu we göreşiň utgaşdyrylmagynyň netijesinde dörän sportuň bu görnüşi Ýewropanyň we Aziýanyň hem birnäçe söweş sungatynynyň tärlerini özünde jemleýär.

Sport görnüşi 
Sambo tärleri erkin göreş (öňler ketç diýilýärdi) we dzýudonyň tärlerini özünde jemleýär, emma düzgünleri, geçirilişi we ýörite lybasy bilen tapawutlanýar. Dzýudodan tapawutlanyp, samboda ketç göreşindäki ýaly aýak bilen emellere rugsat berilýär, emma bogmak ýaly emeller gadagan.

Sambonyň iki görnüşi bar. Söweş sambosynda hüjüm etmegiň birnäçe giň görnüşleri bar. Erkin samboda bolsa beýleki görnüşde rugsat edilmeýän bogmak we başga emeller rugsat edilýär.

Gelip çykyşy 
Sambo 1920-nji ýyllarda Merkezi Gyzyl goşun binasynda Gyzyl goşunyň esgerlerine dzýudony öwreden Wiktor Spiridonow, Anatoliý Harlampiýew we Wasiliý Oşepkow tarapyndan döredildi. Hemmetaraplaýyn goranyş ulgamynyň gözleginde bolup, olar 1920-nji ýylda harby edaralaryň işgärlerine öwretmek maksatnamasyny işläp düzdiler.

II Jahan urşynyň dowamynda sambo ulgamy sowet goşuny tarapyndan giňden ulanyldy. Halkara höwesjeň göreş federasiýasy 1966-njy ýylda sambony halkara sport görnüşi hökmünde ykrar etdi.

Sambo boýunça ilkinji çempionaty 1973-nji ýylda Tähranda geçirildi. 1981-nji ýyldan başlap her ýyl dünýä çempionaty geçirilip gelýär. 1985-nji ýylda Halkara höwesjeň sambo federasiýasy (FIAS) döredildi.

“Aşgabat 2017”oýunlarynda
Türgenler sambonyň iki görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Sport sambosy boýunça zenanlaryň we erkekleriň arasynda 7 kategoriýada geçiriler, söweş sambosy boýunça bolsa erkekleriň arasynda 9 kategoriýasy boýunça geçiriler.

24-26-njy sentýabr aralygynda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 3 günlük ýaryşyň netijesinde 23 medal gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Sport sambosy
Erkekleriň arasynda:

-52kg, -57kg, -62kg, -68kg, -74kg, -82kg, -90kg

Zenanlaryň arasynda
-48kg, -52kg, -56kg, -60kg, -64kg, -68kg, -72kg

Söweş sambosy
Erkekleriň arasynda:

-52kg, -57kg, -62kg, -68kg, 74kg, -82kg, -90kg, -100kg, +100kg

Ýaryşyň geçirilişi:
Ähli görnüşler boýunça ýaryş “utulan çykar” görnüşi boýunça final tapgyryna gatnaşjak türgenler mälim bolýança geçiriler. Finalçy türgenlerden ýeňlen ähli türgenler goşmaça tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanýarlar we bürünç medal üçin bäsleşýärler. Ýaryşyň dowamynda saýlama tapgyrlar, goşmaça tapgyrlar we final tapgyry geçirilýär.

Gysga maglumatlar

  • Göreşiň halkara federasiýasy Sambo sportuny 1966-njy ýylda halkara göreş sporty diýip kabul etdi.
  • Sambo boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1973-nji ýylda Tähranda geçirildi.
  • Bu ulgam Ikinji Jahan Urşunda Sowet goşuny tarapyndan giňden ulanyldy.

Habarlar #Sambo

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: