Resmi hyzmatdaşlar

Atos

“Atos” kompaniýasy elektron ulgamyndaky özgerişler boýunça öňdebaryjy kompaniýasy bolup, yzly-yzyna geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaş hökmünde çykyş etdi. “Atos” kompaniýasy taslamany dolandyrmak we akkreditasiýa, sport, myhmanlary ýerleşdirmek, ulag hyzmatlary, ýaryşlaryň netijeler we habarlar gullugy ýaly Aşgabat 2017-niň esasy ugurlary boýunça Oýunlary dolandyrmagyň ulgamy bilen bagly işleri ýerine ýetirýär.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy

CNPC

“Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC)” Hytaýyň esasy we iň uly nebitgaz öndürijisi we üpjünçisidir. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz korporasiýalarynyň biri “CNPC” kompaniýasynyň esasy maksady köpçüligi energiýa çeşmesi bilen üpjün etmekdir we şol bir wagtyň özünde önümçiligiň deňagramly ösüşi we daşky gurşawyň howpsuzlygy üçin ähli zerur şertleri döretmekdir. “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde 10 ýyldan bäri işlerini üstünlikli amala aşyryp, geçirilýän medeni, bilim, lukmançylyk we sport maksatnamalary goldaýar. “CNPC” kompaniýasy sportuň futbol, hokkeý, söweş sungaty we taekwondo ýaly görnüşleri boýunça çykyş edýän türkmen toparlarynyň hemaýatkäri hökmünde özüni tanatdy.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy

Dragon Oil

“ENOC” nebit kompaniýasynyň üsti bilen Dubaý emirliginiň hökümediniň eýeçiligindäki “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy nebitgaz ýataklarynyň gözlegi we özleşdirilmegi bilen meşgullanýar. "Dragon Oýl“ kompaniýasynyň işleriniň esasy alynyp barylýan ýeri Hazar deňiziniň gündogar tarapynda türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” şertnamalaýyn çägidir. 2017-nji ýylyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna hemaýatkärlik “Dragon Oýl” üçin işlerini bilelikde amala aşyrýan jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülmek boýunça güýçlendirilýän çäreleri bilen bilelikde türkmen sportuny ösdürmekde ýene bir ädimdir.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy

Petronas

“PETRONAS” kompaniýasy Malaýziýanyň milli nebit-gaz kompaniýasy bolup, Türkmenistanyň çäginde nebit-gaz pudagynda “PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd (PC(T)SB)” kompaniýasynyň üsti bilen hereket edýär. “PETRONAS” kompaniýasy Aşgabat 2017-niň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygaryndan ugur alyp, jemgyýetçilik gatnaşyklary berkitmegi hem-de halkyň içinde sagdyn durmuş ýörelgesini we sporty öňe sürmegi maksat edinip, Oýunlara hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy

"Türkmenhowaýollary" gullugy

"Türkmenhowaýollary" Türkmenistanyň awia gullugydyr we onuň baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu gulluk ýerli we halkara ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny, esasan Aşgabat Halkara howa menzilinden amala aşyrýar. “Türkmenhowaýollary” Oýunlaryň diňe hemaýatkäri bolman, sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen bagly gelýän we gidýän gatnawlar bilen meşgullanar.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy

"Türkmentelekom" DEAK

"Aşgabat 2017-niň" resmi hyzmatdaşy hökmünde “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Oýunlaryň dowamynda ygtybarly Wi-Fi, internet we ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edýär.

WebsaýtHyzmatdaşlaryň sanawy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: