11 sany surat Fotogalereýa:Aşgabat 2017 oýunlarynyň bäşinji güni üçin surat galereýasy hem-de gündelik hasabat

Soňky habarlar

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň bäşinji güni üçin surat galereýasy hem-de gündelik hasabat

20 Sentýabr, 2017 (23:16)
Bellikler: Türkmenistan, Bilýard sporty, Gazagystan, Ýeňil Atletika, Futzal

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowam edýän bäşinji gününde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary tolgundyryjy duýgulary başdan geçirmeklerini dowam edýär. Çünki, bu gün sportuň 12 ugry boýunça ýaryşlar geçiriler. Şolaryň ýarysynda, ýagny, guşakly göreş, ýeňil atletika, taekwondo, bilýard sporty, kuraş hem-de agyr atletika sport görnüşlerinde medal gowşuryş dabaralary hem geçiriljekdir. Kuraş göreşçileriniň ýaryş meýdançasyna çykjak ilkinji günüdir.  

Bu ajaýyp sport oýunlaryň geçirilýän ýurdy bolan Türkmenistan, guşakly göreş sporty boýunça hödürlenilýän jemi 13 medalyň 8-sini almagy başardy. Türkmenistanly türgenleriň jemi gazanan altyn medallarynyň sany 53-e deň boldy. Bu bolsa Türkmenistan döwletiniň 127 medal gazanmagy bilen, oňa ýeňijileriň sanawynda mynasyp birinji orny berýär. 

Bilýard sport arenasynda geçirilen ýaryş has-da täsirli geçdi. Rus piramidasynyň erkin usuly boýunça şahsy ýaryşynda öz tälimçisi gazagystanly Ýernar Çimbaýewden üstün çykyp, altyn medaly gazanmagy başaran türkmen türgeni Ibabekir Bekdurdyýewiň janköýerleriniň begenjiniň çägi bolmady. 

Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda geçirilen ýaryşlar Hindistandan gelen türgenler üçin hem şowly boldy. Ajaý Kumar Saroj başda ýykylandygyna garamazdan, derrew aýaga galyp ýaryşy dowam etdirdi. Soňunda bolsa, ol altyn medaly almak bilen ýeňiji boldy. Ondan soňra hindistanly Arpinder Singh üçürdikläp bökmek boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. 

Ýeňijileriň arasynda heptatlon boýunça geçirilen ýaryşda Saud Arabystanyň erkek türgenleri hem bar. Beýikligine bökmekde Siriýanyň erkek türgenleri ýeňiji boldy. Hytaýly zenan türgen bolsa ýadro zyňmak sport ýaryşynda altyn medaly almagy başardy. Jamal Haýrane erkekleriň arasynda 800 m ylgamakda ajaýyp netijeleri görkezip, watany Katar üçin altyn medaly gazandy, Şri-Lankaly türgen Gaýantika Artigala bolsa, zenanlaryň arasynda 800 m aralykda ylgamak boýunça ýaryşyň birkemsiz ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda zenanlaryň arasynda 4x400m estafetasynda Taýlandyň ýeňiji bolmagy, erkekleriň arasynda 4x400m estafetasynda bolsa Päkistanyň altyn medalyň eýesi bolmagy bilen hadysalara baý bolan gyzykly gün tamamlandy. 

Agyr atletika boýunça Hytaý iki sany altyn medaly aldy. Taekwondo sport göreşi boýunça eýranly türgenler iki sany altyn medaly, Günorta Koreýadan gelen türgen bir sany, Hytaý Taýpeýden gatnaşan türgen bolsa öz ýurdy üçin «Aşgabat 2017» oýunlarynda ilkinji altyn medaly gazandy. Kuraş ýaryşynyň ilkinji gününde üç sany altyn medal Özbegistana, Wýetnama hem-de Eýrana gitdi.

Futzal boýunça ýaryşlarda zenanlaryň arasynda geçirilen ýarym finalda çykyş etjek toparlar kesgitlenildi. Ýaponiýaly zenan türgenleriň topary Türkmenistanly futzalçy zenanlary 8-0 hasap bilen utdular. Gollaryň jemi 4-üsüni Rýo Egawa saldy. Hepdäniň şenbe güni geçiriljek ýarym final ýaryşlarynda Ýaponiýaly topar Eýranyň futzal boýunça zenan türgenler toparyna garşy çykyş eder.

Hytaý Halk Respublikasy Taýland ýurdy bilen ýarym finalda duşuşar. Çünki, Hytaý Halk Respublikasynyň türgenleri Gonkongly türgenlerden 5-1 hasap bilen üstün çykdy. 

Eýran Yslam Respublikasy 10 sany altyn medal bilen ikinji orunda durýar. Özbegistan bolsa, 7 altyn medal gazanmagy bilen, üçünji orunda durýar.

Habarlar #Türkmenistan

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: