13 sany surat Fotogalereýa:Açylyş dabarasy Aşgabat 2017 oýunlaryna badalga berýär

Soňky habarlar

Açylyş dabarasy «Aşgabat 2017» oýunlaryna badalga berýär

17 Sentýabr, 2017 (23:35)
Bellikler: Türkmenistan, Dabaralar

Türkmenistanyň döredijilikli, galkyndyryjy we haýran galdyryjy hem-de göz öňüne getirip boljak iň hyýaly görnüşdäki şou-dabarasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berdi. Bu ajaýyp waka ony görenleriň hakydasynda uzak wagtlap ýakymly ýatlama bolup galar.

Aşgabat Olimpiýa stadionynyň iň üstünde oturdylan Olimpiýa alawynyň ojagy türkmen halkynyň gözguwanjy bolan ahalteke ahalteke atynyň gerşinde ýerleşýär. Çar töweregine ýagty saçyp duran bu alaw 27-nji sentýabra çenli, ýagny Oýunlar tamamlanýança ýanar.

Alaw mümkin bolan iň dramatik usulda ýakyldy. Bu çäre üçin ýörite taýýarlanan at sahnanyň merkezindäki binanyň çür depesine galdy we çapyksuwar yzygiderli görnüşde ýanýan feýerwerk uçgunyny ýakdy. Netijede, «Aşgabat 2017»-niň alawy Aşgabat Olimpiýa stadionynyň üstündäki asmanyň tümlügini ýagtyltdy. Jaň kakylandan soň, Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Oýunlara ak pata berdi, şeýlelikde «Aşgabat 2017» resmi ýagdaýda açyldy. 

Ägirt uly silindriň daşynda aýlanyp duran 75.000-den gowrak lybas görnüşlerini öz içine alýan bu iri göwrümli çäre açylyş dabarasy üçin gurnalan iň uly tomaşa bolup, onuň howada çykyş edýän oýunçylarynyň hereketi oýun meýdançasyndan 30 metr beýiklikde geçirildi. Dabaranyň şekilleri 25 metr beýiklikden şöhlelendirildi, şeýdip sahnadaky çalşyklary, adamlaryň doldurylyşyny we ýüzlerçe aktýorlary belli etmedi.

Türkmen ahalteke atlarynyň we halylaryň üsti bilen haýran galdyryjy sýužetler hem ýerine ýetirildi.

Şou-dabarada türgenleriň çykyşynda bolşy ýaly dabaranyň belli wagtlarynda anyk nokatlary yşyklandyrmaga ýöriteleşdirilen LED yşyklandyrmalary stadiondaky tomaşaçylara berlendigi üçin olar hem işjeň hereketleri ýerine ýetirdi.

Dabaranyň merkezinde ýerleşýän silindrde täze we döredijilikli şekiller şöhlelendirilip, onda baýdaklar görkezildi.

Dabara "Balich Worldwide Shows" kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy hem-de režisýor Fransisko Negrin tarapyndan alnyp baryldy. Ol Türkmenistanyň ägirt uly, dürli-dürli, baý we uzak döwürlerden gelýän taryhy medeniýetini tanatdy hem-de Merkezi Aziýanyň taryhynda geçirilen iň iri sport çäresidigini aýan etdi.

Bu türkmen halkynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Oýunlary geçirmäge ygtyýar alan gününden bäri garaşan pursadydy.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew açylyş dabarasynyň döwletimiziň taryhyndaky wajyp pursatydygyny belläp geçdi. 

Ol: “Şu güne çenli geçirilen Oýunlaryň iň iri görnüşiniň açylyş dabarasynyň geçirilmegi soňky ýedi ýylyň dowamynda şu gün üçin zähmet çeken ähli halkymyz üçin buýsandyryjy pursatdyr” diýdi.

“Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň başlygy Marko Baliç: “Bu türkmen halky üçin örän möhüm pursat bolup, ýurdy bütindünýä möçberinde ilkinji gezek gökezýär.

Biz Türkmenistandan geljekki onýyllyklarda nämä garaşyp boljakdygyny görkezmäge jogapkärdiris” diýip belledi.

«Aşgabat 2017» oýunlary 12 günüň dowamynda geçirilip, 65 sany wekilýetden jemi 4500 türgen sportuň 21 görnüşi boýunça 347 sany medally orny eýelemek üçin ýaryşar. 

Habarlar #Türkmenistan

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: