Taýboksy

Taýboksy Tailandyň başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşidir. Bu sportda dürli klinç emmelleriniň ulanylmagy bilen dik aýak üstünde garşydaşa hüjüm edilýär. Bu sport fiziki we aň taýdan kämil bolmagy talap edýän dissiplina, injikler, daban, tirsek we dyz urgulary arkaly garşydaşa hüjüm edilýär.

Bu sport bedeniň el, aýak, dyz, tirsek, injik, daban ýaly agzalary arkaly göreşmek manysyny berýän “sekiz uçluk göreşi” diýlip hem atlandyrylýar. 

Sport görnüşi
Taýboksyň aýratynlyklarynyň biri türgenler ýaryş geçirilýän meýdança gelende, kellesine ýörite bagy (mongkon) daňmaly we ellerini sarag (prajiad) bilen saramalydyrlar. Taýboksyň däp-dessurlaryna görä, birinji tapgyrdan öň her bir türgen “Waý Kru” atly ýörite däbi ýerine ýetirmeli. Ýörite tüýdük, çhing we deprek ýaly saz gurallary tutluşygyň dowamynda ýaňlanýar. 

Taýboksyň emelleri iki görnüşe bölünýär: “Mae Maý” diýip atlandyrylýan esasy emeller we “Luk Maý” diýip atlandyrylýan az ähmiýetli emeller.

Sport görnüşinde ulanylýan ähli emeller tutuş bedeniň hereket etmegine getirýär, mysal üçin her aýak, el ýa-da tirsek bilen urgy etmek we blok tutmak.

Gelip çykyşy 
Taýboksy XVI asyr töweregi dörändigine garamazdan, sportuň görnüşi diňe XX asyrda dürli ýurtlara giňden ýaýrady.

1995-nji ýylda bu sporty dünýä boýunça dolandyrýan Bütindünýä taýboks federasiýasynyň düýbi tutuldy. Bu gurama 70-de gowrak ýurt girýär.

Aşgabat 2017-de 
18-21-nji sentýabr aralygynda Taýboks we kikboksing arenasynda geçiriljek 4 günlük ýaryşyň netijesi boýunça 14 gezek medal gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
-54kg, -57kg, -60kg, -63.5kg, -67kg, -71kg, -75kg, -81kg, -86kg

Zenanlaryň arasynda:
-51kg, -54kg, -57kg, -60kg, -63.5kg

Ýarşyň geçirilişi 
Ýaryş “utulan çykar” görnüşde geçirilýär. Bu ýeňlen türgeniň ýaryşdan çykarylýandygyny aňladýar.

Utuklar her bir tapgyr üçin berilýär. Eger-de türgen tapgyry sähel tapawut bilen utsa, onda oňa 10 utuk, garşydaşyna bolsa 9 utuk berilýär. Eger-de türgen tapgyry has uly tapawut bilen tutsa, onda oňa 10 utuk, garşydaşyna bolsa 8 ýa-da 7 utuk berilýär. 

Ýaryşda utuk gazanmak arkaly ýeňmegi, garşydaşyň boýun egmegi, eminiň ýaryşy saklamagy, türgeniň ýaryşdan çykarylmagy, türgeniň “nok-aut” bolmagy sebäpli ýeňiş gazanylýar.

Gysga maglumatlar

  • Taýboksyň däp-dessurlaryna görä, birinji tapgyrdan öň her bir türgen “Waý Kru” atly ýörite däbi ýerine ýetirmeli.
  • Sport görnüşinde ulanylýan ähli emeller tutuş bedeniň hereket etmegine getirýär, mysal üçin her aýak, el ýa-da tirsek bilen urgy etmek we blok tutmak.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: