Metbugat

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin zerur bolan siziň ähli iş hereketleriňiz şu ýerde amala aşyrylar. Sentýabr aýynda Aşgabat şäherine geljek ýaýlyma beriş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin gerek bolan ähli maglumatlar şu sahypamyzda ýerleşdiriler we täzeliker yzygiderli girizilip durlar.

Baş metbugat merkezi

Baş metbugat merkezi Türgenler şäherçesiniň deňinde, Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Ol ähli habar beriş serişdeleriniň Oýunlaryň geçirilýän döwründe öz işlerini we ýaýlyma beriş hem metbugatyň iş hereketlerini alyp barýan merkezi bolup durýar. 

Oýunlaryň döwründe ähli resmi habar beriş serişdeleriň ýygnaklary Baş metbugat merkeziniň ýygnaklar zalynda geçiriler. 

Baş metbugat merkezi maksada okgunly gurlan, dört gatly desga bolup, ol ähli ýaýlyma beriş we metbugat serişdeleri üçin niýetlenendir. 

Desganyň ähli otagalary sowadyjylar bilen üpjün edilendir we ýokary derejeli hünärmenleriň we arassaçylyga seredýän işgärler toparynyň hyzmaty elýeterli bolar. 
Baş metbugat merkeziniň gapylary 10-29-njy sentýabr aralygynda açyk bolar. 

Düzümi:

  • Metbugat iş otagy ( kabel we Wi-Fi internet üpjün ediler);
  • Suratlary saklamak üçin gulplanýan şkaflar;
  • Metbugat ýygnaklar otagy;
  • Metbugat sorag-jogap nokady; 
  • Metbugat merkeziniň kafesi;
  • Metbugat merkeziniň lukmançylyk merkezi; 
  • Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň maglumat we sargyt etmek boýunça edarasy;
  • Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň dolandyryjy edarasy;
  • Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň dolandyryjy merkezi we tehniki enjamlary;
  • Hukuklary bolan ýaýlyma berijileriň öňünden sargyt etmek üçin ýerleri;
  • Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň aragatnaşyk edarasy;
  • “Dentsu” önümçilik bölümi;
  • Emeli hemralaryň antenlary we ýaýlyma beriş merkezi.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: