Kuraş

Kuraş sporty gadymy döwürde häzirki Özbegistanyň çäklerinde döredilip, söweş sungatynyň bir görnüşi bolup durýar. Sportuň bu görnüşi 2005-nji ýylda Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen ilkinji Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda ýüze çykdy we 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Oýunlaryň maksatnamasyna girizildi.

Sport görnüşi
“Kuraş” özbek sözi bolup, “maksada adalatly ýetmek” diýmegi aňladýar. Iki garşydaş biri birine garşy dzýudoda tatami düşekçesine meňzeş bolan düşekçäniň üstünde duşýarlar.

Ýaryşa gatnaşyjylaryň maksady garşydaşyny ýykmakdyr. Söweş tärlerine diňe dik durup ýerine ýetirmäge rugsat berilýär. Mundan başga-da, garşydaşy zyňmaga we aýaklar bilen dürli tärleri ýerine ýetirmäge rugsat berilýär. Boýnundan gysyp saklamak ýa-da depmek, şeýle hem guşakdan aşaga urgy etmek düýpden gadagandyr.

Eminler türgenleriň çykyşlaryna degişli utuklar ýa-da jerimeler berýärler. Üç görnüşli utuk bar:

  • Halol utugy garşydaşy arkanlygyna ýatyranda berilýär.
  • Ýonboş: halol utugy ýaly. Iki ýonboş utugy bir halol utugyna deňdir.
  • Çala iň kiçi utukdyr.

Jerimeler girrom, dakki we tanbeh diýip atlandyrylýar. Girrom diýmek ýaryşdan çykarylmagy we tutluşygyň bes edilmegini aňladýar
.

Gelip çykyşy
Kuraş 3 500 ýyl mundan ozal döredi. Takmynan 2 500 ýyl mundan ozal gadymy grek pelsepeçisi we taryhçysy Gerodot kuraş barada bellik etdi. Ol kuraşyň häzirki wagtda Özbegistanyň ýerleşýän ýerindäki ýaşaýjylaryň arasynda giňden ýaýrandygyny belledi.

Sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär. Birinji çempionat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirildi.

“Aşgabat 2017”oýunlarynda
Aşgabat 2017-niň kuraş boýunça ýaryşy 20-22 sentýabr aralygynda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Ýaryşyň netijesinde 15 gezek medal gowşurmak dabarasy geçiriler. Erkekleriň arasyndaky ýaryşy 7 agram dereje, zenanlaryň arasyndaky ýaryş bolsa 8 agram dereje boýunça geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
-60kg, -66kg, -73kg, -81kg, -90kg, -100kg, +100kg

Zenanlaryň arasynda:
-48kg, -52kg, -57kg, -63kg, -70kg, -78kg, -87kg, +87kg

Ýaryşyň geçirilişi
Ýaryş “utulan çykar” görnüşde geçiriler. Ýarym finalda ýeňlen iki türgene hem bürünç medallar gowşurylar.

Gysga maglumatlar

  • Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylyň maý aýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ulularyň arasynda geçirildi.
  • “Kuraş” özbek sözi bolup, “maksada adalatly ýetmek” diýmegi aňladýar.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: