Kikboksing

Kikboksing başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşi bolup, onda türgenler ýörite elliklerini geýip, boksdaky ýaly ýumrukmak we karatedäki ýaly açyk aýaklary bilen depmek usullaryny ulanýarlar. Ýapon karateçisi karate bilen taýboksy garyşdyryp, kikboksing sport görnüşini döretdi. Kikboksing ýaryşy ringde we tataminiň üstünde geçirilýär.

Sport görnüşi
Kikboksing guramalarynyň dünýä bileleşigi (WAKO) kikboksingiň 7 dürli görnüşini, olaryň dördüsi tatamide, üçüsi bolsa ringde geçirilýän görnüşlerini goldaýar.

Gelip çykyşy
1950-nji ýyllarda ýaponiýaly karateçi Tatsuo Ýamada ilkinji gezek karateni we taýboksy utgaşdyrdy we täze sport görnüşini döretdi. 1960-njy ýyllaryň ortasynda Osaka şäherinde ilkinji gezek resmi ýagdaýda kikboksing boýunça ýaryşlar geçirildi. Soňra sportuň şu görnüşi Ýaponiýanyň daşyna ýaýrap başlady we Demirgazyk Amerika, Ýewropa we ş.m. ýetdi.

Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasy (WAKO) 1976 ýylda Ýewropada esaslandyryldy. WAKO kikboksing sportynyň düzgünlerini we kadalaryny kesgitledi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
23-26-njy sentýabr aralygynda 4 günüň dowamynda Taýboks we kikboksing arenasynda ýaryşyň netijesinde 15 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler. Erkekleriň we zenanlaryň ýaryşlary kikboksingiň dört görnüşi boýunça geçiriler: ful-kontakt, lou-kik, kik-laýt we point-faýting.

Erkekleriň arasynda:
Ful-kontakt
-57kg, -67kg, -75kg
Lou-kik
-51kg, -64.5kg, -71kg, 81kg
Kik-laýt
-69kg, -74kg
Point-faýting
-69kg, -79kg

Zenanlaryň arasynda:
Ful-kontakt
-56kg
Lou-kik
-52kg
Kik-laýt
-60kg
Point-faýting
-55kg

Ýaryşyň geçirilişi
Kikboksingiň her bir görnüşi we agram derejesi boýunça ýaryş “utulan çykar” usuly boýunça geçiriler. Ähli ýaryşlar iki minutlyk üç tapgyrdan ybarat. Her bir tapgyrdan soň bir minut dynç alyş berilýär.

Habarlar #Kikboksing

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: