Jiu-jitsu

Jiu-jitsu Ýaponiýanyň söweş sungaty bolup, ýarag ulanyp ýa-da ulanman goranyş emeli hökmünde işlenilip düzülipdir. "Jiu" sözi “mylaýym, ýumşak, çeýe” ýaly, şeýle-de “jitsu” sözi bolsa “sungat” ýa-da “tehnika” ýaly manylary aňladyp, goranýanyň öz güýjüni däl-de, garşydaşynyň güýjüni öz-özüne gönükdirmegi aňladýar.

Sport görnüşi
Başa-baş söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça bäsleşýänler howpsuzlygy öňe sürýän düzgünleri, hereketleri we usullary ulanýarlar. Howply hereketleriň köpüsini, meselem, “gaýçy” usuly bilen ýykmak, boýnundan gysyp saklamak we bogmak ýaly usullaryň köpüsi gadagan edilýär.

Gelip çykyşy
Jiu-jitsu XV asyrda Ýaponiýada döräpdir. Ýewropanyň jiu-jitsu federasiýasynyň döredilmeginiň yz ýany, 1998-nji ýylda Halkara jiu-jitsu federasiýasy hem esaslandyryldy. Sportuň şu görnüşi 1997-nji ýyldan bäri dünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Türgenler jiu-jitsunyň 3 görnüşi boýunça ýaryşarlar, olar: ne-waza, duo şou we nusgawy görnüşi.
16-njy we 18-19-njy sentýabrda üç günüň dowamynda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýaryşyň netijesi boýunça 21 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler. 

Erkekleriň arasynda:
Ne-waza
-56kg, -62kg, -69kg, -77kg, -85kg, -94kg, +94kg, dürli agramda 
Nusgawy görnüş 
-62kg, -69kg, -77kg, -85kg
Duo şou 

Zenanlaryň arasynda 
Ne-waza
-49kg, -55kg, -62kg, -70kg, +70kg, dürli agramda
Duo şou 
Garyşyk:
Duo şou 

Ýaryşyň geçirilişi 
Ýaryşyň geçirilişi ýüztutmalaryň sanyna baglydyr. Ýaryş aşakda görkezilen hereket boýunça geçirilýär:

  • Ýüztutmalaryň sany dörtden az bolsa, ýaryş geçirilmeýär we ýatyrylýar.
  • Dört sany ýüztutma (dört ýurtdan) tabşyrylsa, 4 türgenden ybarat bir toparça bolup, ýaryş aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär. 
  • Bäş sany ýüztutma (dört ýurtdan) tabşyrylsa, 5 türgenden ybarat bir toparça bolup, ýaryş aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär. 
  • Alty sany ýüztutma (dört ýurtdan) tabşyrylsa, 3 türgenden ybarat bir toparça bolup, ýaryş aýlaw ulgamy boýunça geçirilýär. Her toparçada iň ýokary netije görkezen 2 türgen ýarym finala gatnaşýar. “A” toparçada birinji orny eýelän türgen “B” toparçada ikinji orny eýelän türgen bilen duşýar. “A” toparçada ikinji orny eýelän türgen bolsa “B” toparçada birinji orny eýelän türgen bilen duşýar.
  • Ýedi sany ýüztutma we ondan köp (dört ýurtdan) – ýaryş “utulan çykar” görnüşde geçirilýär, emma türgen ýeňlenden soňra goşmaça tapgyrda çykyş etmäge hukugy bar. Goşmaça tapgyrlarda çykyş edýän türgenler bürünç medal almak üçin bäsleşýärler.

Gysga maglumatlar

  • Jiu-jitsu XV asyrda Ýaponiýada döräpdir.
  • Howply hereketleriň köpüsini, meselem, “gaýçy” usuly bilen ýykmak, boýnundan gysyp saklamak we bogmak ýaly usullaryň köpüsi gadagan edilýär.

Habarlar #Jiu-Jitsu

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: