Ýeňil atletika

Sportuň diňe käbir görnüşlerinde ylgamak, bökmek, zyňmak ýaly ýeňil atletikada ulanylýan hereket tärleri asyl görnüşde ulanylýar.

Ýeňil atletika 2005-nji we 2009-njy ýyllarda geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Sportuň şu görnüşi boýunça ýaryş Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde hem geçiriler.

Sport görnüşi 
Ýeňil atletika türgenleri 13 sany dissiplina boýunça çykyş edýärler. Bu ýaryş birnäçe ýeňil atletika dissiplinalaryny, meselem, uzak aralyga bökmegi; üçürdikläp bökmegi; beýikligine bökmegi; şol sanda gysga, orta we uzak aralygy ylgap geçmegi we päsgelçilikli ýoldan ylgamagy öz içine alýar. Ýeňil atletika çäreleriniň köpüsi ýöriteleşdirilen enjamyň bolmagyny, fiziki aýratynlyklary synamagy talap etmeýär. Diňe ýadro zyňmak boýunça ýaryş ýapyk binada geçirilýär.

Gelip çykyşy 
Ylgamak we beýiklige bökmek ýaryşlary barada ilkinji maglumatlar Gadymy Müsüre b.e. öňki 2250-nji ýyla degişli. B.e. öňki 1 800-nji ýyl töweregi gadymy keltleriň baýramçylyklarynda bolsa ylgamak we daş zyňmak boýunça ýaryşlaryň geçirilendigi barada maglumat bar.

B.e. öňki 776-njy ýylda geçirilen ilkinji gadymy grek Olimpiýa oýunlarynda “stadion” diýip atlandyrylýan ylgamak boýunça ýeke-täk ýaryş geçirildi. Soňra zyňmak we bökmek boýunça ýaryşlar hem goşuldy.

Olimpiýa görnüşli oýunlaryň ylgamak, bökmek we zyňmak boýunça görnüşleri boýunça ýaryşlar ilkibaşda XVII asyrda Fransiýada we Angliýada geçirilip başlady. 1896-njy ýylda Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar esasy ýaryş hökmünde geçirildi. 

Açyk meýdançada we ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar degişli yzygiderlilikde 1983-nji we 1985-nji ýyllardan bäri geçirilýär.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
18-20-nji sentýabrda Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda geçiriljek ýaryşyň netijesinde 26 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler.

Erkekleriň arasynda 
Ylgamak boýunça: 60m, 400m, 800m, 1500m, 3000m, 60m päsgelçilikli, 4x400 estafeta 
Uzak aralyga bökmek, üçürdikläp bökmek, beýiklige bökmek, syrykly bökmek, ýadro zyňmak 
7 görnüş boýunça ýaryş

Zenanlaryň arasynda
Ylgamak boýunça: 60m, 400m, 800m, 1500m, 3000m, 60m päsgelçilikli, 4x400 estafeta 
Uzak aralyga bökmek, üçürdikläp bökmek, beýiklige bökmek, syrykly bökmek, ýadro zyňmak
5 görnüş boýunça ýaryş

Ýaryşyň geçirilişi 
Ýeňil atletika boýunça ähli ýaryşlar Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň düzgünleri we kadalary laýyklykda geçirilýär.

Gysga maglumatlar

  • Olimpiýa görnüşli oýunlaryň ylgamak, bökmek we zyňmak boýunça görnüşleri boýunça ýaryşlar ilkibaşda XVII asyrda Fransiýada we Angliýada geçirilip başlady.
  • 1896-njy ýylda Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar esasy ýaryş hökmünde geçirildi.
  • Açyk meýdançada we ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar degişli yzygiderlilikde 1983-nji we 1985-nji ýyllardan bäri geçirilýär.

Habarlar #Ýeňil Atletika

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: