Futzal

Futzal dünýä ýüzünde giňden ýaýran futbol oýnunyň bir görnüşidir. Futzal sözi ispan dilinde “fútbol sala” ýa-da “fútbol de salón” we portugalça “futebol de salão” diýen sözlerden emele gelip, adatça “ýapyk binada oýnalýan futbol” diýip terjime edilýär.

Sport görnüşi 
Futzal oýny 5 oýunçydan ybarat iki toparyň arasynda oýnalýandyr. Bu oýun gapdal taraplardaky çyzgylaryň aralygyndaky meýdançanyň çäginde oýnalyp, ähli oýunçylara jerime urgular zolagyna erkin ýagdaýda girmäge rugsat berilýändir.

Duşuşyk her biri 20 minut dowam edýän iki sany ýaryma bölünýär. Oýnuň her ýarymynyň wagty anyk bolup, her birinde wagty duruzmak arkaly bir arakesmä rugsat berilýär.

Dünýäniň iň meşhur toparlarynyň (Barselona, Real Madrid, Çelsi, Mançester Ýunaýted) ýaş oýunçylary üçin aýak bilen ýerine ýetirilýän başarnyklaryny hem-de dartgynly ýagdaýda çalt netijä gelmegi ösdürmek üçin ýörite futzal maksatnamalary bar. 

Gelip çykyşy 
Futzal oýny 1930-njy ýylda urugwaýly mugallym Huan Karlos Seriani tarapyndan YMCA ýokary okuw mekdebiniň saglygy dikeldiş maksatnamasyny doldurmak üçin döredildi. 

Futzal boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1982-nji ýylda Braziliýanyň San-Paulo şäherinde geçirildi. Bu ýaryşyň 12 000 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen final tapgyrynda ýer eýeleri bolan Braziliýanyň topary Paragwaýyň toparyndan üstün çykmagy başardy. 1985-nji ýylda futzal boýunça ikinji Dünýä kubogy Ispaniýanyň Madrid şäherinde geçirildi we netijede ýene-de Braziliýanyň topary çempion boldy.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Oýunlarda futzal boýunça ýaryş iki dissiplinada geçiriler (biri zenanlaryň arasynda, beýlekisi hem erkekleriň arasynda). Ýaryş 10 günüň dowamynda, ýagny 16-26-njy sentýabrda Köpugurly sport toplumynda geçiriler. Toparlaýyn tapgyr geçirilenden soňra bir gün (23-nji sentýabr) dynç alyş güni bolar.

Ýaryş saýlap-seçiş toparlaýyn tapgyr bilen başlaýar. Soňra finala çenli utulan topar ýaryşdan çykarylýar. Erkekleriň arasynda ýaryşa gatnaşýan 17 sany milli ýygyndy topar 4 topara bölüner. Olaryň ikisi 5 milli ýygyndy topardan, biri 4 milli ýygyndy topardan we ýene biri 3 milli ýygyndy topardan ybarat bolar. Zenanlaryň arasynda ýaryşa gatnaşýan 7 milli ýygyndy topar bolsa 2 topara bölüner: biri 4 milli ýygyndy topardan, beýlekisi hem 3 milli ýygyndy topardan ybarat bolar.

Gysga maglumatlar

  • Dünýä derejesinde tanymal toparlaryň ählisinde (Barselona, Real Madrid, Çelsi, Mançester Ýunaýted we ş.m) futzal oýnaýan ýaş oýunçylar bar.
  • Futzal oýny 1930-njy ýylda urugwaýly mugallym Huan Karlos Seriani tarapyndan YMCA ýokary okuw mekdebiniň saglygy dikeldiş maksatnamasyny doldurmak üçin döredildi.
  • Ilkinji Futzal boýunça dünýä Çempionaty 1982-nji ýylda Braziliýanyň San-Paulu şäherinde geçirildi we Braziliýa birinjiligi eýeledi.

Medallaryň sanawy

Orny MOC
Jemi
Hiç medal berilmedi

Habarlar #Futzal

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: