Atly sport (konkur)

Atly sportunda erkekler we zenanlar biri-biri bilen oýun meýdançasynda ýaryşýarlar. Üstünligiň esasy görkezijisi fiziki güýç bolman, tehniki usullar bolup durýar. Çapyksuwaryň we atyň ikisiniň hem ukyplylygy ýeňiji bolmak üçin möhüm bolup durýar we bäsleşikde atyň ýeterlik derejäni gazanyp bilmegi üçin ony taýýarlamak örän köp wagty talap edýär.

Sport görnüşi 
Ýaryşyň maksady kesgitlenen wagtyň içinde böwetlerden geçmekdir. Kesgitlenen wagtdan geçen ýagdaýynda wagt jerimeleri kesgitlenilýär. Pasgelçilik ýykylan ýa-da düzgünler bozulan ýagdaýynda, mysal üçin, atyň pasgelçilige ýetip durmagy üçin  konkur jerimeleri kesgitlenýär. Iň az jerime alan türgen medal hasapda ýokarky setiri eýeleýär. Hiç hili jerime almadyk çapyksuwar bilen at “arassa tapgyry” geçen hasaplanýar.

Gelip çykyşy
Adamlaryň atlar bilen işleşmegi barada Gadymy Hytaý, Müsür we Pars döwletleri bilen baglanyşykly maglumatlar bar. Gadymy Olimpiýa oýunlarynda atlar ýörite arabalarda çapyşmak üçin ulanylypdyr.

XVIII asyrda Angliýada tilkileri atly awlamak naýbaşy güýmenjeleriň biri bolupdyr, bu bolsa atçylyk sungatynyň ösüşine umumylykda itergi bolupdyr. Mundan başga-da, çapyksuwarlar awda dürli tebigy päsgelçilikerden geçmäge mejbur bolupdyrlar, bu bolsa atyň üstünde bökmegiň emeliniň ösüşine getirdi.

Atly sportuň konkur görnüşi 1900-njy ýylda Pariždaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

“Aşgabat 2017” oýunlarda
“Aşgabat 2017” oýunlarda atly sportuň (konkur) toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryş 21-nji we 23-nji sentýabrda Atçylyk sport toplumynda geçiriler.

Gysga maglumatlar

  • Adamlaryň atlar bilen işleşmegi barada Gadymy Hytaý, Müsür we Pars döwletleri bilen baglanyşykly maglumatlar bar.
  • Gadymy Olimpiýa oýunlarynda atlar ýörite arabalarda çapyşmak üçin ulanylypdyr.
  • Atly sportuň konkur görnüşi 1900-njy ýylda Pariždaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: