Tans sporty

Tans sportuna öňler “bal tanslarynyň ýaryşlary” diýlipdir. Bu sporta mahsus bolan aýratynlyklar, ýagny fiziki güýç, başarjaňlyk, çalasynlyk, şeýle-de gözellik bileleşip sport arkaly beýan edilip, saz bilen utgaşdyrylýar. 

Sport görnüşi 
Latyn we nusgawy tanslaryň 5-siniň jeminden tans sporty emele gelendir. Tansçylaryň jübüdi öňünden kesgitlenen saza we tempe laýyk bu tanslaryň her biri boýunça taýýarlan çykyşyny görkezmelidir. Olar öz çykyşynda degişli derejede tehniki ussatlygyndan başga, deňagramlylygyny, fiziki taýýarlygyny, meýdançada ýerine ýetirýän hereketleriniň ussatlygyny we tans hilini anyklaýan beýleki görkezijileri görkezmegi başarmalydyrlar.

Saz hemişe belli bir tempde gelýändir we adatça 1,5-2 minut aralygynda dowam edýändir. 

Final tapgyrda jübütlere wagt, aýaklarynyň hereketleri, tans meýdançasynda hereket etmegiň ugry we ş.m. boýunça utuk berilýär. 

Gelip çykyşy 
Tans fransuz işewürleriniň birnäçesiniň bal tans meýdançasyny öz ýaryşlary üçin desga öwrende “hakyky sport” hökmünde XX asyryň başynda ykrar edildi. Resmi bolmadyk ilkinji dünýä çempionaty 1909-njy ýylda geçirildi.

2000-nji ýylda Sidneydäki Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda tans sporty boýunça çykyşlar görkezildi. Ilkinji Dünýä tans sport oýunlary 2013-nji ýylda Taýpeýiň Kaohsiung şäherinde geçirildi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Aşgabat 2017-niň tans sport ýaryşy 25-26-njy sentýabrda Taekwondo we tans sport arenasynda geçiriler. Türgenler nusgawy, latyn tanslaryň 5 görnüşi we salsa boýunça ýaryşarlar, şeýlelikde 11 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler.

Nusgawy görnüşler:
Wals
Tango
Wýenna walsy 
Haýal fokstrot 
Kwikstep 

Latyn görnüşler:
Samba
Ça Ça Ça 
Rumba 
Pasodobl 
Jaýw
Salsa

Ýaryşyň geçirilişi 
Ýaryş başlangyç tapgyr bilen başlaýar. Jübütleriň sanyna görä, başda jübütler toparçalara bölünýärler. Her toparçadaky jübütleriň sany 8-e çenli bolýar. Çärýek we ýarym finalda jübütler toparlar boýunça çykyş edýärler.

Final tapgyrynda jübütler aýratyn çykyş edýärler.

Gysga maglumatlar

  • Tans fransuz işewürleriniň birnäçesiniň bal tans meýdançasyny öz ýaryşlary üçin desga öwrende “hakyky sport” hökmünde XX asyryň başynda ykrar edildi.
  • 2000-nji ýylda Sidneydäki Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda tans sporty boýunça çykyşlar görkezildi.
  • Ilkinji Dünýä tans sport oýunlary 2013-nji ýylda Taýpeýiň Kaohsiung şäherinde geçirildi.

Medallaryň sanawy

Orny MOC
Jemi
Hiç medal berilmedi


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: