Küşt

Küşt dünýä ýüzünde millionlarça ynsanlaryň söýgüli oýnudyr. Küşt iki sany garşydaş oýunçy tarapyndan ýörite 64 öýjükli tagtada oýnalýar. Keseligine we dikligine 8 öýjükli tagta 32 gara we 32 ak öýjükden ybaratdyr.

Oýun
Her oýunça 16 sany çöp berilýär. Çöpleriň 6 görnüşi bolup, olaryň her biri üýtgeşik göçümi ýerine ýetirýär. Iň möhüm şekil perzidir we iň ýönekeýi pyýadadyr. Her oýnuň başynda şekiller belli bir yzygiderlilikde düzülýär we oýun ak çöpler bilen oýnaýan oýunçynyň göçümi bilen başlanýar. 

Oýnuň maksady garşydaşyň şa çöpüniň alynmagynyň çykgynsyz ýagdaýyny, ýagny “şah mat” döretmekdir. Şol pursada çenli oýunçy öz çöplerini garşydaşynyň çöplerine hüjüm edip, olary almalydyr.

Küştde ulanylýan bu söz pars dilinde “Şa öldürildi” diýen manyny aňladýan “Şah Mat” jümlesinden gelip çykandyr. Oýun oýunçylaryň biriniň boýun egmeginiň netijesinde ýa-da deňlik bilen hem gutaryp biler. Nazary nukdaýnazardan göçümleriň mümkin bolan iň uly sany 5 949-dyr.

Gelip çykyşy
Käbir maglumatlara görä, zangki, janggi we şogi ýaly Gündogar Aziýa oýunlary bilen birlikde küşt oýny hem VII asyrda hindi “çaturanga” oýnundan gelip çykypdyr.  Ilkinji ak-gara öýjükli küşt tagtasy Ýewropada 1090-njy ýylda döredilendigi bellenýär.

Küştde ulanylýan çöpler bolsa, XV asyryň ahyrynda Ispaniýada döräpdir. Düzgünler XIX asyrda kadalaşdyryldy. 1886-njy ýylda ilkinji küşt boýunça Dünýä çempionatynda Wilgelm Şteýnitz ýeňiji boldy.

1948-nji ýyldan bäri küşt boýunça dünýä çempionaty Halkara küşt federasiýasy (FIDE)  tarapyndan gurnalýar. Halkara küşt federasiýasy ussat oýunçylary ýörite atlar bilen sylaglaýar. Küştde iň ýokary at grossmeýsterdir.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
21-27-nji sentýabr aralygynda Küşt arenasynda 7 günüň dowamynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek ýaryşyň netijesinde 10 sany medal gowşuryş dabarasy geçiriler. Ýaryş şahsynusgawy, toparlaýyn rapid, 23 ýaşa çenli toparlaýyn rapid, toparlaýyn blitzwe 23 ýaşa çenli toparlaýyn blitz  görnüşi boýunça geçiriler.

Ýaryşyň geçirilişi
Nusgawy görnüşi, şahsy
Küştüň bu görnüşi boýunça ýaryş ýedi tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamy boýunça geçirilýär, ýagny ýokary netije görkezen üç oýunça altyn, kümüş we bürünç medallar gowşurylýar. Oýun deňlik bilen gutaran ýagdaýynda goşmaça tapgyr yglan edilýär.

Rapid, toparlaýyn / Blitz, toparlaýyn 
Küştüň bu görnüşi boýunça ýaryş 5 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamy boýunça geçirilýär, ýagny ýokary netije görkezen dört oýunçy ýarym final tapgyryna gatnaşýar. Ýeňijiler soňra final tapgyrynda çykyş etmek hukugyny gazanýar. Ýarym finalda ýeňlen oýunçylar bürünç medal bilen sylaglanýar.

23 ýaşa çenli rapid, toparlaýyn / 23 ýaşa çenli blitz, toparlaýyn 
Küştüň bu görnüşi boýunça ýaryş edil ulularyň arasyndaky 5 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamy boýunça geçirilýän ýaryş ýaly geçirilýär.

Gysga maglumatlar

  • Nazaryýet taýdan küştüň 5,949 göçümi mümkindir.
  • Häzirki döwürde ulanylýan ak we gara öýjüklerden ybarat bolan ilkinji küşt tagtasy 1090-njy ýylda Ýewropada ýasaldy.
  • Küşt Pars dilinde “Şa öldürildi” diýmegi aňladýan “Şah mat” jümlesinden gelip çykdy.

Habarlar #Küşt

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: