Bowling

Sportuň bowling görnüşinde ýörite niýetlenen şary nyşanada düzülen keglilere tarap zyňyp, olary ýykmak arkaly utuk gazanylýar.

Bowlingiň on sany kegli bilen oýnalýan görnüşi iň ýörgünlisidir we 2007-nji ýylda Hytaýyň Makao şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Sport görnüşi 
Bowling oýny on sany freýmden ybaratdyr. Oýnuň esasy maksady 10 sany freýmiň dowamynda keglileriň köp sanyny ýykmagy başaryp, utuk gazanmakdyr.

Hasap ýöredilende bir freýmiň dowamynda üç görnüşli utuk berilýär: birinjisi ähli kegliler birinji synanyşykdan ýykylsa, ikinjisi ähli kegliler ikinji synanyşykdan ýykylsa we üçünjisi ikinji synanyşykdan soň bir ýa-da ondan köp kegli ýykylman galan ýagdaýynda.

Utuklaryň mümkin bolan iň ýokary sany 300-e deňdir. Şeýle netijäni gazanmak üçin oýunçy  12 gezek yzly-yzyna ähli keglileri ýykmagy başarmalydyr.

Gelip çykyşy 
Bowlingiň iň gadymy görnüşi Müsürden gelip çykýar. Şol döwründe bowling oýnamak üçin ulanylan şarlaryň tapylan galyndylary biziň eramyzdan öňki 3 200-nji ýyla degişlidir. Bowlinge meňzeş oýunlar gadymy Rimde oýnalypdyr. Bowlingiň dürli görnüşleri bütin dünýäniň  ýüzünde orta asyrlardan bäri oýnalyp gelinýär.

1840-njy ýylda ilkinji gezek ýapyk binada bowling ýodajyklary girizildi. Bowling boýunça ilkinji dünýä çempionaty bolsa Finlandiýanyň Helsinki şäherinde 1954-nji ýylda geçirildi.

1988-nji ýylda Seul şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bowling boýunça ýaryş görkezme ýaryş hökmünde geçirildi, emma sportuň bu görnüşi hiç haçan Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmedi.

Aşgabat 2017-de 
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde 21-27-nji sentýabr aralygynda Bowling arenasynda geçiriljek bowling boýunça ýaryşda zenanlar we erkekler ýekebara, jübütleýin we toparlaýyn dissiplinalara gatnaşarlar. Ýaryşyň netijesinde 6 gezek medal gowşurmak dabarasy geçiriler. 

Ýaryşyň geçirilişi 
Ýaryşa gatnaşyjylar iki toparlara bölünerler we öz aralarynda bäsleşerler. Ýokary netije görkezen 8 oýunçy indiki tapgyrda, ýagny çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazanar.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: