Bilýard sporty

Bilýard sporty kiý bilen oýnalýan sport görnüşidir. Bilýard sporty öz içine mata bilen örtülen stoluň üstünde kiýi ulanyp oýnalýan oýunlary alýar. Kiý stoluň üstündäki şarlary urmak üçin ulanylýar.

Sport görnüşi
Aşgabat 2017-niň bilýard sporty boýunça ýaryş erkekleriň arasynda 10 dissiplina, zenanlaryň arasynda bolsa 3 dissiplina boýunça geçirilýär.

Karambol: bu bilýardyň stoluň üstünde torjagazsyz oýnalýan görnüşidir. Karambolyň iň ýaýran görnüşinde, ýagny 3-karambol görnüşinde utuklar beýleki iki şary süýşürmek arkaly gazanylýar. 

Pul: bu görnüşe 6 torjagazly stoluň üstünde oýnalýan bilýard oýunlary degişlidir. Giňden ýaýran görnüşinde, ýagny 8 şarly oýnuň maksady ilki bilen öz şarlaryňy torjagazlara girizmek, soňra 8 belgili şary torjagaza girizmekdir.

Snuker: bu görnüşe hem 6 torjagazly stoluň üstünde oýnalýan oýunlar degişlidir. Oýnuň maksady iň pes sanly şardan başlap, şarlary degişli yzygiderlikde torjagaza girizmek arkaly utuk gazanyp, öz garşydaşyňdan utuk sany boýunça üstün çykmakdyr.

Rus piramidasy:  bilýardyň bu görnüşinde dürli usullar bar. Oýunda şary belli bir şary urmak arkaly torjagaza girizmeli. Şarlar günbatar bilýardda oýnalýan şarlardan ulurak, torjagazlar bolsa biraz kiçiräk.

Iňlis bilýard: bu görnüşde “kiý şary” diýip atlandyrylýan iki şar we nyşana hökmünde ulanylýan gyzyl şar bilen snuker üçin ulanylýan stoluň ölçeginde bilýard stoluň üstünde oýnalýar. Utuklar şarlary torjagazlara girizip gazanylýar.

Gelip çykyşy 
Kiý bilen ýapyk binada oýnalýan ähli sport görnüşleri açyk meýdanda taýak we top bilen oýnalýan görnüşlerden gelip çykdy diýen pikir bar. Maglumatlara görä, 1461-1483 ýyllarda höküm süren Fransiýanyň koroly Lui XI ilkinji ýapyk binada ýerleşdirilen bilýard stolunyň eýesi bolupdyr. Bilýard oýny barada Wilýam Şekspiriň eserlerinde bellenilýar. Bilýard oýnuna höwesjeňleriň arasynda Mosart, Immanuel Kant, Napoleon, Awram Linkoln, Mark Twen, Jorj Waşington, Çarlz Dikkens we Lýuis Kerrol dagylary bellemek gerek.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Aşgabat 2017-niň bilýard boýunça ýaryşynyň netijeside 13 gezek medal gowşurmak dabarasy geçiriler. Ýaryş 19-26-njy sentýabr aralygynda Bilýard sport arenasynda geçiriler.

Erkekleriň arasynda:
Snuker şahsy; 
6 gyzyl şarly snuker, şahsy; 
Snuker, toparlaýyn; 
Iňlis bilýardy, şahsy; 
3-karambol, şahsy;
9 şar pul bilýardy, şahsy;
Şotland 9 şar pul bilýardy, jübütleýin;
Rus piramidasy, erkin usul, şahsy;
Rus piramidasy, utgaşyk usul, şahsy;
Rus piramidasy, dinamiki usul, şahsy;

Zenanlaryň arasynda: 
6 gyzyl şarly snuker, şahsy; 
9 şar pul bilýardy, şahsy;
10 şar pul bilýardy, şahsy.

Ýaryşyň geçirilişi 
Ähli ýaryşlar “utulan çykar” görnüşinde geçirilýär.

Gysga maglumatlar

  • 1461-1483 ýyllarda höküm süren Fransiýanyň koroly Lui XI ilkinji ýapyk binada ýerleşdirilen bilýard stolunyň eýesi bolupdyr.
  • Bilýard oýny barada Wilýam Şekspiriň eserlerinde bellenilýar.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: