Guşakly göreş

Guşakly göreş sportuň göreş görnüşleriniň iň ilkinji ýüze çykanlarynyň biridir. Guşakly göreş Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna taryhda ilkinji gezek girizilýär. Oýunda garşydaşlaryň maksady biri-birini guşakdan tutup ýykmakdyr.

Sport görnüşi
Guşakly göreşde erkek we zenan göreşçileriň baş maksady garşydaşyny rugsat edilýän emelleri ulanyp, arkanlygyna ýykmakdyr (arassa ýeňiş).

Rugsat edilýän emeller: zyňmak we ýykmak we garşydaşyň guşagyny iki el bilen tutup, dik durup goranmagy başarmak. Nusgawy usulda bilden aşak we aýak bilen emeller gadagan edilýändir. Adatça, bir tutluşyk dört minut dowam edýär. 

Adatça, bir tutluşygyň dowam edýän wagty:

  • Alyş – 3 minut;
  • Gazak göreşi – 5 minut;
  • Pahlawani – 3 minutdan ybarat bolan 2 tapgyr, ikisiniň arasynda 30 sekund arakesme berilýär;
  • Guşakly göreş – 3 minut.

Ähli tutluşyklar 12m X 12m ölçegli sekizburçluk düşekçede geçirilýär. 9m diametrli bellenen togalak iki zolaga bölünýär. Düşekçede işjeň we hüjüm zolaklary bellenen.

Gelip çykyşy 
Guşakly göreş gadymy döwürlerden Mesopotamiýa siwilizasiýalarda döräpdir. Sportuň bu görnüşi hakynda biziň eramyzdan öň 2 800 – 2 600-nji ýyllar aralygynda ýaşan Şumer patyşasy barada biziň eramyzdan öň 2 000-nji ýyllarda ýazylan “Gilgameş barada epos” diýen poemada aýdylýar.

Aşgabat 2017 oýunlarynda
Aşgabat 2017 oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryş 5 günüň dowamynda 19-23-nji sentýabr aralygynda Sportuň oýun görnüşleriniň arenasynda geçiriler. Erkeklerň arasynda 34 dissiplina, zenanlaryň arasynda bolsa 24 dissiplina boýunça ýaryşlaryň netijesi boýunça 58 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler.

Alyş görnüşi (nusgawy we erkin)
Zenanlaryň arasynda:

-55kg, -60kg, -65kg, -70kg, -75kg, +75kg

Erkekleriň arasynda: 
-60kg, -70kg, -80kg, -90kg, -100kg, +100kg

Gazak göreşi
Erkekleriň arasynda: 

-55kg, -60kg, -65kg, -70kg, -80kg, -90kg, -100kg, +100kg

Pahlawani
Erkekleriň arasynda:
 
-70kg, -80kg, +90kg

Guşakly göreş (nusgawy we erkin)
Zenanlaryň arasynda:

-50kg, -55kg, -60kg, -65kg, -70kg, +70kg

Erkekleriň arasynda: 
-55kg, -60kg, -65kg, -70kg, -80kg, -90kg, -100kg, +100kg

Ýaryşyň geçirilişi: 
Alyş we guşakly göreş boýunça ýaryş “utulan çykar” görnüşinde ýeňijiniň indiki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanmagy arkaly geçiriler. Goşmaça tapgyrlar we bürünç medal üçin tutluşyklar geçirilmez. Ýaryşyň netijesinde bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medal gowşurylar.

Gazak göreşde we pahlawanide finala çykan türgenlerden ýeňlen ähli göreşçiler iki topara bölünýärler we goşmaça tapgyrlara gatnaşýarlar. Her toparda ýeňiji bolan türgenler bürünç medal bilen sylaglanýarlar. 

Ähli görnüş boýunça her bir agram derejesi boýunça ýaryş bir günüň içinde geçirilýär.

Habarlar #Guşakly göreş

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: