3x3 basketbol (BBA)

3x3 basketbol oýny her biri üç oýunçydan ybarat bolan iki toparyň arasynda bir sany torly halkaly basketbol ýarym meýdançasynda oýnalýar.

Sportuň şu görnüşi ilkinji gezek Wýetnamyň Ho Şi Min şäherinde 2009-njy ýylda geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Ýaryşyň netijesinde erkekleriň arasynda Eýranyň ýygyndy topary, zenanlaryň arasynda bolsa Tailandyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy.

Sport görnüşi 
Ilkibaşda FIBA 3x3 at bilen meşhur bolan 3x3 basketbol oýny 5 oýunçydan ybarat bolan toparlaryň arasynda oýnalýan basketbol oýnunyň görnüşidir.

Top bir topardan beýleki topara geçirilende, ilki bilen 3 utuk çyzykdan çykarylmalydyr.

Gelip çykyşy
Basketbol oýny kanadaly Jeýms Neýsmit tarapyndan 1891-nji ýylda döredildi.

Ilkinji oýun 9 oýunçydan ybarat bolan toparlaryň arasynda 1892-nji ýylda geçirildi. 

Döredilenden soňra, basketbol tiz wagtyň içinde ýörgünli sport görnüşine öwrüldi. 1932-nji ýylda Halkara basketbol federasiýasy (FIBA) esaslandyryldy. Milli basketbol assosiasiýasy (NBA) az salym soňurak, 1940-njy ýyllaryň ahyrynda döredildi.

1936-njy ýylda Berlin şäherindäki Olimpiýa oýunlarynyň çäginde ilkinji gezek erkekleriň arasynda ýaryş geçirildi. 

2007-nji ýylda Makaoda geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda synag hökmünde geçirildi. Mundan başga-da, bu sport görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar 2009-njy ýylda Ýaşlaryň arasynda Aziýa oýunlarynda, 2009-njy ýylda Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda we 2010-njy ýylda Ýaşlaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynda, ulularyň arasynda bolsa dünýä çempionaty ilkinji gezek 2012-nji ýylda Afiny şäherinde geçirildi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
3x3 basketbol boýunça ýaryş 7 günüň dowamynda 18-24-nji sentýabr aralygynda 3x3 basketbol arenasynda geçiriler. Zenanlaryň we erkekleriň arasynda ýaryşyň netijesinde degişli dissiplinalar boýunça medal gowşurmak dabarasy geçiriler.

Ýaryşyň geçirilişi 
Toparlar saýlap-seçiş tapgyrynda iki topara bölüner we degişli toparyň içinde özarasynda ýaryşarlar. Her toparda iň gowy netije görkezen toparlaryň 4-si çärýek final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar we finala çykmak üçin bäsdeş bolarlar.

Gysga maglumatlar

  • Bu sport görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar 2009-njy ýylda Ýaşlaryň arasynda Aziýa oýunlarynda, 2009-njy ýylda Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda.
  • Ulularyň arasynda bolsa dünýä çempionaty ilkinji gezek 2012-nji ýylda Afiny şäherinde geçirildi.

Medallaryň sanawy

Orny MOC
Jemi
1 Qatar Qatar 1 0 0 1
  Thailand Thailand 1 0 0 1
3 Iraq Iraq 0 1 0 1
  Uzbekistan Uzbekistan 0 1 0 1
5 Mongolia Mongolia 0 0 1 1
  Turkmenistan Turkmenistan 0 0 1 1

Habarlar #3x3 basketbol

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: