Metbugat

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin zerur bolan siziň ähli iş hereketleriňiz şu ýerde amala aşyrylar. Sentýabr aýynda Aşgabat şäherine geljek ýaýlyma beriş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin gerek bolan ähli maglumatlar şu sahypamyzda ýerleşdiriler we täzeliker yzygiderli girizilip durlar.

Akkreditasiýa

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýa ulgamy gysga döwrüň aralygynda elýeterli bolar. Akkreditasiýa boýunça maglumat, şol sanda ýaýlyma beriş serişderleri üçin akkreditasiýa gollanmasy hem Aşgabat 2017-niň internet sahypasynda ýakyn wagtda ýerleşdiriler. 

2017-nji ýylyň 15-nji iýuly metbugat üçin akkreditasiýa boýunça ýüztutma tabşyrmak üçin soňky möhletdir.  Türkmenistana gelmezden ozal işjeňleşdirilmedik şahadatnamaňyzy almagyňyz üçin bu görkezilen möhletden soň kabul edilen ýüztutmalar wagtynda işlenip taýýarlanylmagyna kepillik berilmeýär. Işjeňleşdirilmedik şahadatnama ýurduň çäginden geçmek üçin siziň wizaňyz hökmünde hereket eder. 

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýa gollanmasyny, ýüztutma tabşyrmak üçin nusgany wajyp resminamalar bölüminden ýükläp bilersiňiz. 

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýasy üç kategoriýadan ybarat: 

  • E – habarçy, redaktor 
  • EP –  suratçy
  • ENR –  ygtyýarlandyrylmadyk ýaýlyma beriş serişdesiniň wekili

Oýunlara gatnaşýan Milli Olimpiýa komitetlere degişli guramalaryň metbugat işgärleri

Eger siziň metbugat kärhanaňyz Aziýa ýa-da Okeaniýa ýurtlarynyň haýsy hem bolsa birine degişli bolsa, onda siz şol ýurduň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde akkreditasiýa üçin ýüztutma tabşyrmalysyňyz. Öz ýurduňyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň metbugat-attaşesi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýüztutma tabşyrylyşy dogrusynda habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris. Üns beriň, siziň Milli Olimpiýa komitetiňiziň ýüztutma tabşyrmagy üçin soňky möhleti 15-nji iýuldan öň bolmagy mümkin. Ýüztutmalary ir tabşyrmak bilen olar Aşgabat 2017-niň kabul eden maglumatlaryny işläp taýýarlamak üçin ýeterlik wagt berýärler. 

Oýunlara gatnaşmaýan Milli Olimpiýa komitetlere degişli guramalaryň metbugat işgärleri

Eger siziň metbugat kärhanaňyz Oýunalara gatnaşýan Aziýa ýa-da Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetlerine DEGIŞLI BOLMASA, onda siz gönüden-göni Aşgabat 2017-ä akkreditasiýa üçin ýüztutma tabşyrmalysyňyz.  

Ýüztutmaňyzy we beýleki degişli resminamalaryňyzy şu internet sahypamyza ugratmagyňyzy haýyş edýäris: media.accreditation@ashgabat2017.com.

Gerekli maglumatlar

Metbugat işgärleri üçin akkreditasiýa şahadatnamasyny almak hereketi boýunça gollanma

Metbugat işgärleri üçin akkreditasiýa 
Gatnaşýan MOK-lar

Metbugat işgärleri üçin akkreditasiýa 
Gatnaşmaýan MOK-lar

“Ýüz tutujynyň dykgatyna!” resminamasy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: